Täze ýyl arzuwlary
Garaşmagy hiç kim gadagan etmez,
Täze ýylda täze bagt ýar bolsun,
gidenler gelsinler, ýiten tapylsyn,
kesekä däl, il özüne bar bolsun!
Ýer gatydyr, öküz-öküzden görer,
ýöne adam başga, biler sebäbin,
millet aldatmasyn özün mugtuna,
asyl manysyna düşünsin däbiň?!.
Ýaşulyny sylamaly, ýöne ol
sakgalyny syýasata salmasyn;
gözi gorkan ak gyňaçly eneler,
hökümetiň oýunjagy bolmasyn?!.
Ak selleli sellesini satmasyn,
göz üçin berilýän sadaka baryp;
adam başga iş gelmese elinden,
toba etsin işiginde oturyp?!.
Ýurduň maly, mülki ýurduň iline,
ýurtda doglan çagalara ýetdirsin,
talanmasyn millet, taňry bar bolsa,
ýaradan guluna toba etdirsin?!.
Üşük beren alla, söz beren alla,
bu bir boş söz, bende alsa hukugyň,
aýtjak sözün aýdyp bilsin jemagat,
ýekeläp ýaşaman ýalançyň ugun?!.
Täze ýylda arzuw etmek aýyp däl,
adat, belki, armanyňy sanamak,
ýat illerde galan ogullar gelsin,
gyzlar gelsin, yzda dolmasyn damak?!.
Bu ne bela, garaşsyzlyk näkesiň,
bimessebiň bagty boldy, dynmadyk?
Begenipdik, basyp alan basyldy,
ýa garaşsyz adam bolmak kynmydy?
Näme üçin başa çykaryp birin,
beýlekiler gul bolmaly sedasyz?
Täze ýylda, arzuw edýän, bilinsin,
düzüw düzüw ýaly, asylar asy?!.