Ozal we häzir

Ozal, belki, sada, oýnadyp özün,
gazetleri okardylar adamlar,
habarlary diňlärdiler TW-de,
hususan-da baş başlygyň ýygnagy,
o birini aýyranda işinden,
bu birini kemsidende gyzykly,
garaşylýan tomaşady, hezildi,
indi başga döwür, başga zamana,
uly, kiçi kän entedi, ezildi,
a garyplyk aýakgabyn çykarman,
töre geçdi, ýumşak görüp düşegin,
gazetleri okaýan ýok howlugyp,
sebäbi ol at etjek däl eşegiň,
habarlary diňlemeýär köpçülik,
kim aýryldy işden, kime käýeldi,
bu olara gyzykly däl, hezil däl,
köpelipdir alla diýýän daşyndan,
emma onam täze mollalar bilen
aýlap urýan köpelerli başyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024