Görmek kynçylygy

Beýniň gözi bilen görüp bilmeseň,
beden gözi bilen görmek manysyz,
görersiň sen telpegini adamyň,
papagyny, geýen gaşyn gyşardyp,
ýa agzynda çilimini, çeýneýän,
sakgal-murtun, arassa ýa beýle däl,
ýa gözlerin, gaşlaryny, saçlaryn,
emma görmek aňsat bolmaz adamy,
adamdaky çuwallarda gizlenen,
näme diýýär onuň ýüregi çyndan,
nämä ýanýar ýanan wagty janawer,
eger çyksa içindäki horjundan.

Beýniň gözi bilen görüp bilmeseň,
beden gözi bilen görersiň diňe
egnindäki penjegini adamyň,
arzan-gymmat sagadyny, belki-de,
görkezmek islese elin galdyryp,
aýakgabyn, täzeje ýa könelen,
hatda köýneginiň ýeňine çenli,
iligine çenli, sapagy çykan,
ýatda galar pikir etmän seretseň,
özi galmaz hakydaňda, neresse,
beýniň gözi bilen görmeseň ony,
adam nirden nirä gelýär, gözleýär
haýsy zady, eger-eger bilmersiň,
ýaşa uzak bir ýassygy paýlaşyp,
sen onuň hiç golaýyna gelmersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024