Adam we azatlyk

O birleri halas edýär öz-özün,
urunýar, dyzaýar, boýun bolmaýar,
ýaralanýar agyr-agyr, ölmeýär,
ýarasyna sepip arassa çäge,
öz-özüni heläk edýän köplügiň.
öz-özüne köken bolýan elleri,
duzak bolýan aýagyna dilleri,
ýa çopanyň taýagyna gelmeýär,
başyn egip, öldürmeýär özünde
erkinligi bogup, duşmany ýaly,
aňryk gidýär, ýa ymtylýar çuňluga,
o birleri halas edýär öz-özün,
beýlekiler, näçe gutar, halas et,
çykar daga, azatlygyň şemaly
sypasyn ýüz-gözün onlarça ýyllap,
barar ýene dolanar-da yzyna,
eltilmese, hat ýazyşar, jaňlaşar,
yzda galan ýesir bilen, çalajan,
ýa daşarda tapar özi ýalyny,
baýragyň ýesiri, adyň ýesiri,
öz adyna ynanmaýan adamy,
nepiň guly, gepiň guly ömürlik,
o birleri gorar özün baş goýup,
beýlekisi satar her ýerde dürli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024