Soňky hakykat

Sen adama azar berme,
çeke durýan bolsa senden,
garaň ýokar öýdüp birden,
ýaraň ýokar öýüdüp birden,
degme olar ynansynlar,
ýa ynanan bolsun üýşüp,
döwlete ýa ýaradana,
gürrüňini edip düýşüň,
geçirsin kän wagtyn millet,
sen olara azar berme,
getirme hiç gaharlaryn,
içsin çaýyn islän wagty,
sowatmasyn naharlaryn,
ýöne sürä goşjak bolup,
dyzasalar, boýnuň tutup,
saldyrma hiç ýüplerini,
iň esasy içe alma,
geçir duşdan geplerini,
demikmeseň, galsaň aman,
soň görersiň kime gowy,
kime bolýar agyr, ýaman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024