Bir akylla
Ýok, ol uruş biziňki däl,
ýok, bu uruş biziňki däl,
biziňki däl bu protest,
biziňki däl o protest,
çeke duruň syýasatdan,
akyl satar akylly kän,
ýöne bir gün ol uruş-da,
bu uruş-da özgäňki däl,
seniňki-de bolar birden,
meniňki-de bolar birden,
onuňky-da bolar birden,
o protest, bu protest,
goşulmanyň üçin, belki,
goldamanyň üçin, belki,
üstünlkli bolmaz, begen,
netije ýok, diýdim-ä diý,
hem sütemi, kemsitmäni,
mesge edip, çöreksiz iý,
ogul-gyzyň bilen bile,
agtyklaryň, çowluklaryň
ýesir alan, daňan ýüpsüz,
alyp gitjek läbik sile,
tabyn bol-da otur, geniý,
akylly bol ýene, ýene,
ýazyjy bol, öňden görýän,
seredýän has aňyrlaryk,
ýok, bu gowga seniňki däl,
sen onuňky, baý ýa garyp.