Agzybirlik ýalany
Ilki özüň aldamagy öwrenseň,
aňsat bolar başgalary aldamak,
goý, ynansyn, ynanmasyn, öz işi,
kimiň näme isleýänin nä biljek,
ýöne ýalan has geçginli kämahal,
çyna görä, ata-baba adamzat
ýalan söze kän yrylýar, ymtylýar,
hakykaty ata basyp, pyýada,
ýa-da dilde alyp gaçýan köp bolýar,
erteki otaryp, alynjak aňsat,
agyr gürrüň etme iliň öňünde,
gara gyşda aç, hor çykarma awa,
ber eline ak aýynyň derisin,
a soň ylgap çykyp iň beýik daga,
seret ile, ýesir düşen minnete,
özüň gowy aldamagy öwrenseň,
has köp bolup garaşarsyň jennete.