Ýalan adam
O birisi söwda eder,
bu birisi söwda eder,
alyp biler aljagyny,
satyp biler satjagyny,
ýurt içinde, ýa daşynda,
goý, kim bolsun alyjysy,
öz ýanyndan dilin tapar,
birin oklar, birin gapar,
iş adamy, hem edenli,
parhy näme, Sary, Sapar,
uly adam bolar daşdan,
hem ynanar özi ilki,
soňra, belki, şärikleri,
a beýleki, diýer olar,
örän kiçi, gaty kiçi,
sebäbi ol söwda etmez,
gitmez itseň başga ýana,
namaz okan bolmaz ýalan,
gybat etmez töwirden soň,
boljak bolmaz kän sylanan,
at-abraý alan adam,
o birisi söwda eder,
bu birisi söwda eder,
ýalan ýaşar ýalan adam.