Bolup bilseň

He who despairs of events is a coward, but he who has hope for the human condition is a fool. Albert Camus

Bolup geçýän wakalardan hopugýan
gorkak bolar, busar öýüň töründe,
umyt edýän adamlardan beýleki,
akmak bolar, diri wagty göründe,
gara görgi görer, ýaşamaz asla,
garaşar ol, dilär ýok ýerden kömek,
bu hemişe şeýle boldy, birleri
tapan arkasyna bukuldy, ökde,
ýeser bolan bolup özüçe, alla
ýaradypdyr adamlary şeýleräk,
olaryň içinde akylly, başly,
düşünýäni azlyk bolar elmydam,
süri bolar düşünmeýän hiç zada,
emma diýip bolmaz bolaly adam,
gaty görer egsik, ar alar dogry,
ýa gönüläp aýdan sözleriň üçin,
degmez söze, gönüleme hiç haçan,
ýalandan aglana açýana için,
bu adamyň ýagdaýydyr, geňleme,
başga gepi, ertekini diňleme,
oýna oýnun, ýylgyr mydam, gülkiniň
göwni galyp, döwülmesin käsesi,
bolup bilseň, bu gowysy, belki-de,
bol adamyň gowusy däl, näkesi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024