Biziň işimiz

Ýazýan adam ýa-da okan oturyp,
ýalňyzlygyň diwarlaryn uşadýar,
alyp gidýär öz-özüni çuňluga,
telperlikde galman, çagajyk ýaly,
deňiz kenarynda oýnaýan, gaçýan
tolkunlaryň tolkunyndan jykyrdap,
gala gurup, çäge gala, owadan,
biz gülmeli özümize, belki-de,
çykmasak-da dünýä beren obadan,
çünki aglamakdan bolmaýar peýda,
ýetik dünýäň bolgusyzy, gömügi,
manysy ýok durmuşyň-da kämahal,
tans etmeseň goluň berip golsuza,
ýa bolmanda elsiz bilen el çarpyp,
dilsiz bilen gygyrmasaň gapdaldan,
iň esasy basylmajak bolmaly,
öňden, yzdan gelýän aldajy aldan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024