Bolmaz diýseň

Millet ilki ýer-suwundan aýryldy,
ýer-ýurdunda galyp, ölmese kaýyl,
sürülmese sürgünlere begendi,
soň olaryň ogurlandy döwleti,
ata-baba däp-dessury, ynanjy,
ýazylan ýa ýazylmadyk kanun ýok,
kanun diňe aýdylany ýokardan,
bu gün biri, erteki gün başgasy,
durdy kese adamlaryň öňünde,
ogurlamak üçin gündizin iliň,
ogurlamak üçin gijesin iliň,
türme gurup ýurt ýerine ullakan,
çagalary bilen, sesiň çykmasyn,
saldylar içine milleti dükan,
ýa-da bazar maly ýaly bir gysym,
o bolanok, bu bolanok olara,
diňe bolýar ogrulara hemme zat,
ýurt diýeniň, walla, şeýle bolar-a,
bolmaz diýseň, beter çekersiň azap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024