Durmuş näme?
Urlan ili nädip uraňda bolmaz,
aýakgabyň gara diýip, aýdaly,
bar, git-de gel ak köwüşli yzyňa,
gyrlan ili nädip gyraňda bolmaz,
aç hem suwsuz, bölüp, büçüp, maýdalap,
ýok edilen ata-baba taryhy,
ýeňijiler ýazýar ahyr o zady,
basgylanan ili nädeňde bolmaz,
ýöne aýyp, belki, aýypdan beter,
ol il seniň iliň bolsa, bolmasa,
sen adam däl ezileni ezeňde,
baý bolaňda, beg bolaňda öldürip,
näme diýip akla özüňi, talaň
talaň bolup galar seniň özüňde,
nirä çykar, ogulyňda, gyzyňda,
ýok etmeseň ilki özüň gözüňde,
adam sypatyndan aýyryp, bozup,
durmuş saňa at çapyşyk däl diňe,
birinji bolmaga, atyňdan ozup.