Ýaraly nesiller
Thich Nhat Hanhyň äheňinde
Sen özüňde ýaralanan çagany,
wagtyň bolsa, belki, görseň görersiň,
bejerersiň onuň ýarasyn ýalap,
duruzarsyň ganyn, melhemin tapsaň,
soň görersiň eneň bilen ataňda
ýaralanan çagalary, emma hiç
eli ýetmän geçen görüp bilmäge,
soň görersiň nesilleri döwülen,
ýaralanan, öldürilen ýaşlykda,
eneden dogmanka, ýa doglup agy
garadan aýyryp ýetişmän giden,
ýa ýaraty ýaşan ömür boýuna,
ejir çekip, diňe çagalykda däl,
uly wagtam ýaralanyp günaşa,
ýa ýaralap birlerini bilmezden,
ýa-da bilip, lezzet alyp, begenip,
basyp alan ýaralylar elinde,
erki ýok, berki ýok adamlar bolup,
basalasa biten ýaly ýarasy,
başga biri agyrdýança şatlanyp,
sen özüňde ýaralanan çagany
gutarmasaň, gutulmaz ol hiç haçan,
gutulmazlar ata-baba, nesiller,
bolar ýörsüň mydam kowalan, gaçan.