Adam we ýurt
Sudanly hudožnik Mohammad Hosseýniň “Araçäkden aňyrda ýitenler” diýen işiniň aşagyna ýazylan ýazgy
Adam ýiter gider ýurdundan çykyp,
tapar özün ýolda, gözlese gowy,
özüni ýitiren ilinden daşda,
özi bolup bilmän, basgylap durmuş,
gaýta-gaýta geçip üstünden, urmuş,
sütem bolan baky, gözünde gorky,
galyp bilmän ýatan milletin ýatlap,
agyr gussa çeker, emma alaçsyz
öz ýoluna gider adam dirikä,
ölen bilen ölüp bilmez ýurdunda,
barmagyny gymyldatman hak üçin,
hemem käte unutjak bor bar zady,
bir ýerlerden gelenini ýat ile,
çagyrar hudaýy: Giň et ýüregim,
kuwwat ber aýaga, gurbat ber bile?!