Surat

Kast edenler

Saňa kast edenler ertir,
bolmadyk dek bolsaň hiç zat,
bolmadyk dek bolup hiç zat,
gysmyljyrap geler ýene,
agam diýip, inim diýip,
näme berseň, alar ýene,
näme diýseň, güler ýene,
ýalan-ýaşryk, ýüze gelmän,
dogry, düzüw söze gelmän,
aýlanarlar töwerekden,
oýnan bolup öňki oýnun,
ýene ertir kast ederler,
ogurlarlar bolsa goýnuň,
ýa-da geçiň owlagyny,
kän mäledip ýol ugruna,
bilsin diýýän ýaly, açyk,
gaçyp oýnar ýüzsüz millet,
aýlanar kän aý hem sene,
olar ýaşar öz ömrüni,
edeninden hoşal bolup,
ýöne seni ýaşatmazlar,
ýetse aýak ýa-da goly,
kast edenler kast etmeseň,
deň bolmasaň özi bilen,
gaçsaň daşa çeýnejek bor,
iň bolmanda sözi bilen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024