Alaman we adalat
Mertebesiz, arsyz adam,
ne dini, ne imany bar,
araçäkde durup talar,
ýol ugrunda talar saklap,
kanunyň papagyn geýip,
taýagyny alyp ele,
oýnar oýnun goraýanyň,
ne utanjy, ne haýasy,
ne ynsaby bolar onuň,
bir allasy alar onuň,
bir allasy berer onuň,
görelde bar, hile-aly
baýdak edip kanun ýerne,
kesbi ili çapmak ýaly,
adalaty soraýanyň,
bary diňe akmak ýaly,
hem akylly türme bilen
agzyn baglap gürlejegiň,
mertebesiz, arsyz adam,
nirede goý, çapar, talar,
ala taýak, papaklydan,
baş başlyga çenli seret,
goý, 100 milýon bolsun ili,
alamançy bolar diňe,
bolsa bolsun başga hili,
başga sypat göräýmäge,
dilde näme diýse diýsin,
içden diýer: Ata-baba
talaňçylyk däbi iliň.
Talamakdan, talanmakdan
azdy, meger, gäbi iliň.