Biz - hämmämiz
Hemme kişä gerek parahat durmuş,
sorasaň diýýärler geregimiz şol,
başga hiç zat, eger-eger gerek däl,
derkary ýok häkimligiň hiç kime,
ol ýa-da beýleki, gomalar ýaly,
artyk bolar ýaly aýlygy, puly,
azgyrylar ýaly gijä galana,
ýa ir gelip, işin edýän sessize,
ýok, gerek däl ýetde-gütde ýaşaýyş,
o biriniň ogurlamak çöregin,
bu biriniň zäher etmek böregin,
soň ony beýlekä küşgürmek, itmek,
gerek bolsa, artyk goýup aragyn,
geregi ýok bize uruş-gowganyň,
ýa ynkylap, o biriniň baýlygyn,
goý, ogurlap alan bolsun, halallap
öz ýanyndan, belki, ynanyp alla,
biz hiç kimi ýykmakçy däl çukura,
barybir hiç kimi goýmajak sylap,
bize diňe ümsüm ýaşaýyş gerek,
sadaja ýaşaýyş, artyk-süýşük däl,
çagalary ulaltmaga mynasyp,
okatmaga ozal okap bilmedik,
ýa görmedik kitabymyz hiç haçan,
öser ýaly adam, yzyna tesmän,
iň bolmanda azajykdan, bir ädim,
onda neden gutarmaýar bu uruş,
içimizden iýip, daşymyz gädip?