Eneler we çagalar
Ene goramasa ogluny, gyzyn
ata goramasa ogluny, gyzyn,
döwlet süri edip sürýärkä urşa,
ýa sürýärkä çärelere aç-suwsuz,
agzyna gelenin porsap üstüne,
çagalary ertir özleri ýaly,
agtyklaryn gorap bilmez olaryň,
agzyna suw alar, balyk mysaly,
sessiz gürlär, gerek bolar gahryman,
olar üçin geplemeli, durmaly,
ýa olary gelip urýan, depýäni,
elsizleriň eli bolup urmaly,
ýa allany çagyrmaly çagalar,
dili bagly, goly bagly galanda,
bir özi ýetişmän agyr işine,
kömek üçin eneleri ýaradan,
hudaý nätsin, ak gyňaçlar bezese,
dabaraly ýalanyny döwletiň,
ene-ata bolsa arzanlan haryt,
peýdasy ýok diňe ýagşy niýetiň.