Biderek iş

Seniň jan edeniň peýdasy bolmaz,
peýdasy ýok ursaň oda, ataşa,
ýa-da suwa ýykylanyň, çykanyň,
bidrek bor bar yhlasyň, kösenme,
öz ejesi jan etmese ogluna,
öz kakasy jan etmese gyzyna,
ene-ata bolsa bigäne, nadan,
çagasyna egriligi öwretse,
ýa öwretse mydam çeke durmagy,
goý, başgalar etsin etmeli işi,
bu olaryň gaýgysy däl, gamy däl,
başga ýoly gözlemegiň ýerine,
ýalan sözlemegi öwretse çaga,
bilip ýa-da bilmän guýup serine,
ýüregine ikiýüzli bolmagy,
bolar olar özleri dek ýa beter,
sowet adamlary, agzybir, gowy,
goý, hiç ýerde işlemesin, parhy ýok,
goý, otursyn möhüm ýerde gomalyp,
ýaşasynlar döküp-saçyp, bol-elin,
ýa-da bolsun ýoksullaryň ýoksuly,
ili üçin peýdasy ýok arsyzyň,
jan edeniň bary biderek seniň,
öz ýanynňdan sowap, gyzyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024