Surat

Bertolt Brehtiň äheňinde

Iň erbedi bisowadyň,
okap, ýazyp bilmeýän däl,
diplom alan gowy, belki,
syýasatdan daşda durýan
syýasy bisowat bolar,
eşitmeýän hiç bir gepi,
gürlemeýän artyk-süýşük,
ýa barmaýan üýşmeleňe,
syýasata degse çeti,
aýtmaz, emma bar niýeti -
susak ýetse, bolsa susup,
a soň galsa aman busup,
hem bilmezlik bahasyny
güzeranyň, galsa galsyn,
mäş näçeden bolsa bolsun,
nohut nyrhy, noýba nyrhy,
balygyňky, un ýa çörek,
ýag, ýumurtga, hemmä gerek,
jaý kireýi gymmatlasyn,
aýakgabyň, dermanlaryň
bahasyny bilmeýär ol,
eý, gel diýseň, goşul diýseň,
gülýär hemem gelmeýär ol,
çynyrgatsaň, gaty görýär,
ýok et diýýär syýasatyň,
bahasyny kesgitleýän,
hala eşek, hala atyň...

Iň erbedi bisowadyň,
syýasatdan sowatsyz bor,
ýa goşulsa, bulaşdyrar,
ýykar ýakyn, ýadyň öýün,
a soň çişip, gürlär gedem,
syýasaty ýigrenýärmiş,
ýek göreni žurnalistler,
ikisi-de hapa kärmiş,
agzyn açsa, men-menligi
dökülip dur, saklatmaýar,
bilmeýär ol öz syýasy
sähneligi näçe gyzy,
näçe gelni zyňýar köçä,
näçe äri dykýar türmä,
näçe çaga galýar ýetim,
gör, näçesi ogry-jümri,
kellekeser boljak ertir,
ýa-da boljak syýasatçy,
hem biznesmen, ili çapýan,
iň erbedi bisowadyň,
syýasatdan ýüzün ýapýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024