Surat

Ýitirilen güýç

Seniň güýjüň kitapdady,
goşgyňdaky ýazjak ertir,
gazaldady seniň güýjüň,
kyssadady kuwwatyň bar,
kitaplaryň çykarjakdyň,
ýykyp bolsa näçe diwar,
bilýärdiler muny gowy,
şondan olar gadagandy,
ýazylamnka bir setiri,
agzamaly däldi adyň,
gazetlerde, žurnallarda,
gorkýardy kän ýakyn, ýadyň,
birden ýaýrap şan-şöhradyň,
gözlerini gapjak ýaly,
emma indi o güýjüň ýok,
kuwwatyň ýok asla seniň,
çünki adam ogurlandy,
beter harap boldy haly,
telefona, gaçdy aşak,
SMS-e, gaçdy aşak,
twitterde ýeňse gaşap,
bir zatlary diýjek bolýar,
hemem hiç bir şer edenok,
ýa şeri gar eredenok,
zerläp çykar daşyn hatda,
il kitaba seredenok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024