Bolýada milleti
Aman galan, gudrat bilen gutulan,
gara başyn satyn alan töhmetden,
ýitip gitmän gara zyndan göçünde,
goý, sesini çykarmasyn gaýtadan,
utandyrjak bolar bahyllar üýşüp,
daşlan ýaly köçesinden geçende,
oglanjyk dek uly adamlar käte,
daş obada, Garagumyň içinde,
köp ulynyň uly bolşy bolýada...