Saadiniň äheňinde

Ýer astynda ýatan urýan ýürekli
göwni ölen dirilerden kän gowy,
olar wagtal-wagtal gelýär, aýlanýar,
ýatlasaň, küýseseň, ýüregiň gyssa,
durýar hemem gidýär sesin çykarman,
emma öňküsi dek agyr däl gussa,
düşünýärsiň eger özleri gelse,
näme üçin gelýär, näme isleýär,
näme üçin çytyk ýaly gaşlary,
käte ýüzi ýagty, nur bolup durşy,
emma diri, bir köçede, obada,
ne ýanyňa geler, ne elter ýanna,
sebäbi bilersiň ýakynlygyň ýok,
hemme ölen ölmez ýüregi ursa,
hemme diri bolan bolmaýar sanda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024