Masaru Ibukanyň äheňinde

Geniý bolup dogulmaýar hiç çaga,
dogulmaýar gömük bolup hiç ynsan,
näsag ýa-da doga kemis bolmasa,
geniý edýän ene-ata, töwerek,
gömük edýän ýene şolar, bagyşlaň,
duşmanlary başga ýerden gözlemäň,
öýüň içi doly olardan, belki,
a soňundan köçe, durmuş, ulanjak,
ezjekleriň sany köpeler barha,
döwlet dawa salar beýniňe seniň,
çagalaryň beýnisine ozaly,
ýüregine salyp demir azaly,
sürdürer ol ikiýüzli ýazyja,
şahyrlara, žurnaliste ilini,
ýer süren dek, öz hasylyn almaga,
abat galmaz ýaly gözi, gulagy,
bolmaly sen kim-kimleriň ulagy,
ýa sürüsi sürülmäge jenjele,
uruş-gowga, o birini urmaga,
öldürmäge, ýumurmaga öýlerin,
ýa-da janly diwar bolup durmaga,
ýa döwletiň pagtasyny ýygmaga,
a soň hasyl toýy toýa meňzesin,
çagalaryň bilen bezenip baryp,
aýdym aýdyp, alkyş aýdyp talaňça,
guwanmaly gara güne, gynanman,
döküp aýagyna gül bilen gunça.

Şonuň üçin, belki, göreşdir durmuş,
gül düşegi däldir ýazylyp goýlan,
ene-ata işli bolsa, bilmese,
kim Nesimi, neden derisi soýlan,
kim Pyragy, kim Kemine, goýaly,
hatda eli ýetmez bolsa özüne,
jübä salnyp, ogurlansa jemagat,
ýetde-gütde durmuş, güzeran ýykan
belli zat, köpeler aňsyz, üşüksiz,
bolmaz aňsat geniý, halasgär çykan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024