Ezijiniň bagty

Ezijiniň güýç-kuwwaty
ezilýäniň tabynlygy,
boýun egmek oňa sessiz,
ak sakgally goja bolup,
ak gyňaçly eje bolup,
ele galam alan tükel,
mugallymlar, gazet okan,
işçi-daýhan, studentler,
polis, goşun, emeldarlar,
aýlygyndan başga biraz,
ýa ulurak urup bilýän,
tabyn bolsa hemme, ümsüm,
ezijiniň eli gelýär,
gülýär onuň içi, daşy,
ýaşaýar ol basyp göze,
kim bar muňa düşünmeýän,
kim düşünjek gorksa söze?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024