Ýekaterinburg habary

Beýik ýurt bu,
beýik döwlet dünýäde,
basyp aldy çäksiz ýeri, meýdany,
ýok diýeni gyryp uludan-kiçä,
garakçymyş, terrorçymyş başgalar,
goşuny-da, bilýärsiňiz, ullakan,
hyzmatdaş biz onuň bilen aýrylmaz,
hem görelde edinmeli gylygyn,
emeldarlar, diňe harbylary däl,
işleýärler watan üçin, il üçin,
muňa mysal gümrükçiniň poly-da,
aşagyndan çykan 100 milýon dollar,
altyn bilen ikisi kem 20,
azu-küş däl, tonnalanyp çilinen,
çünki onuň göreldesi ýokarda,
bunker şasy, doglan ýeke-täk, ýalky,
beýik ýurt bu, beýik döwlet, hoş bolýar,
talandykça beter beýgelýär halky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024