KGB galyndysy
Eger ili garalasa,
agarjak dek özi onuň,
ýaralasa günde atyp,
ar aljak dek gyzy onuň,
gelejekki ýurt eýesi,
mal eýesi, il eýesi,
isleýşi dek sürjek, bakjak,
isleýşi dek suwa ýakjak,
ýa aç gyrjak, asly bardyr,
yzyn tutjak nesli bardyr.
Goňşularyn aşak basyp,
beýgelesi gelýär örän,
ata-baba däbi şeýle,
bir özi däl, ýerden ýörän,
aýak biten, bary şeýle,
"Ýok, uruş ýok!” diýen bolup,
iki-ýeke eýle-beýle,
hasap edilmese eger,
bagtyn olar başgalaryň
öýün ýykyp gazanmaly,
ýok diýeneler agent, haýyn,
özi gabyr gazynmaly,
soň özlerin ar-nammysly,
öli-diri gömmeli bek,
kommunizm gurýar olar,
näme gördüň, görjek entek?