Mugallymyň ýatlamasy

Ýa ol betdi, ýa biz bolduk dereksiz,
indi görsek, ikiden bir aýyply,
o birleri ýitdi, galdy gazamat,
bu bileri şindem gürleýär güpläp...

“Mollumjan” diýerdi bilýän, tanaýan,
çagasyny okudaňsoň, ýüregiň
çagasynyň gözi bilen görenler,
sözi bilen görenler,
at-derejäň bolmasa-da döwletden,
indi bilýän il çagasyn tümlükden,
ýetip gelýän kemsitmeden öňdäki,
halas etjek, alyp galjak bolupdyr,
arman zalym işletmedi, erenler
goran borly, gaçyp çykdyk ýat ille,
şükür, boldy, el kömegin berenler.

Çagajyklar, arassady depder dek,
ene-ata kändi okatjak oglun,
gyzyny okatjak, egninden basman,
uruş ýokdy, ýüreklerde bolmasa,
ogurlyga diken niýetin, pälin,
güneşlidi, päkdi, tämizdi asman.

Emma ony garaltdylar bahyllar,
iň ilki pidasyn edip çül-çaga,
ýaşulular maslahaty, sakgally,
sakgalsyz gullary Lenin babanyň,
kommunistden sapak alan agalar,
il rysgalyn ogurlady, dargytdy,
iýdi paýyn indi dogjak çaganyň.

Ýok, olara okuw gerek bolmandy,
ýagty ýüzler, nurly ýüzler derkar däl,
aşak bakýan, müýnli gözler gerekdi,
depder, galam bolan boýdan-başyna,
tahýa, telpek çukuryna ýykylan,
at-ýaragly bolup bakýan daşyna,
ýazýanlar däl, ýazan bolýan gerekdi,
ýazyjylar, şahyr, žurnalist, alym,
bet ekeni ekeni, boýun alalyň indi,
esgi etdi, köwşün süpürip zalym...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024