Bilmezdim
Adam pesden pese düşse, bilmezdim,
utanmak däl, uýalmak däl, öwüner,
adam satar, gürrüň berer yzyndan,
gep gezdirer, gülüp aýdar, kim haçan,
näme diýdi o biriniň gyzyna,
aýalyna, çynmy-ýalan, bilmek kyn,
bir garybyň çagasyny aldadyp,
işe gelen, ýat illerde aljyran,
ýazgy edip çyplak wagty bildirmän,
buýsanar ol ezip bilse kän, uzak,
gaçjak bolsa, gurup öňünde duzak,
utanç bilen, haýa bilen örülen,
adam pesden pese düşe, eý, alla,
bolmaz eken owal-ahyr görülen.