Uçan guş
Sen jyňkyňy çykarmankaň, ilçilik,
kim ol, näme, tanamasaň, bilmeseň,
näme hakda bolsa bolsun, oýun-çyn,
agzyňy açmankaň pikirlen gowy,
il pikire mynasypmy, ýa-da sen
ökünjekmi ertir aýdan sözüňe,
açyp berip uly, kiçi syryňy,
hakykatyň, çyplak galyp öňünde,
utanja, uýada galjakmy ertir,
ýa ertire goýjak dälmi kemakyl,
ýa akylly, emma ýüregi yrga,
akyl satjak saňa getirip nakyl.
Hiç arzany, ýa gymmady ýok onuň,
sen adama söz gatmankaň pikir et,
gerekmi ol, dälmi, bolmasyn artyk,
söze degmez bilen gabat geleňde,
aýdylmanka, aýdylan öň, tutulgy,
soň uçan guş, iýmiň iýip eliňden.
Emma adam näçe aýtsyn, zeýrensin,
aýtmak aňsat, etmesi kyn bu işiň,
zaýa bolan näçe gowy sözler bar,
gulagyň deňinden geçirlen üýşüp,
wah, geçeni kän owarram diýersiň,
aýdan sözüň güjükletse o kişi,
bu kişi, hiç söz manysyn bilmejek,
sen jyňkyňy çykarmankaň pikir et,
çykarsaň ol hiç yzyna gelmejek.