Ukraina
Dokuz aýdyr, dokuz ýyl dek,
agyr, emma göwnüm çökse,
Ukraina, ärler ýurdy,
gözelleriň ýurdy, beýik,
galdyrýarsyň goltugymdan,
ýere ýetip barýan maňlaý,
daşa urjak, ganyndan öň,
bilip bolmaz, kalby durjak,
bir oglany saklaýarsyň,
turup gidýär işe her gün,
suslanmak ýok, ýok ejizlik,
güldürmek ýok duşmanyňy,
içi gazap, daşy gazap,
ýüregi ýok, ýok beýnisi,
ýaşaýyşy diňe azap,
azap berjek ýeten ýerne,
Ukraina, sen bar herne,
hem bol baky, saklan, daýan,
dokuz aýdyr, dokuz ýyl dek,
ýüregimde bolduň gaýam!