Ýol dogasy

Gora, hudaý, ýüreksizden,
gora, alla, beýnisizden,
gyssanýandan uzak ýolda,
barjak ýeri belli hemmäň,
gyzyl ýanar, ýaşyl ýanar,
sary ýanar, howlukdyrma,
gora, taňrym, beýik çynar,
düýnki bäbek bir jan berer,
ikisi ýok hiç adamda,
hiç jandarda, agaçlarda,
goý, gidenler tohum goýsun,
pikiri goýsun köp başlarda,
gögermäge, bo almaga,
gora, hudaý, seniňki ýol,
maý ber mydam sowulmaga,
eçil maňa pursat biraz,
diýsin ýaşlar biraz aga!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022