Hudaýuran
Hiç unutma gerek wagty,
urulýarkaň, sürülýärkäň sürgüne,
çekileni, görmezlige salany,
bilmezlige salanlary, ne bolýar,
ýa kömege gelenleri soratman,
sargydy bu, nesihaty köpleriň,
unutma diýýärler ýagşy, ýamany,
ýüwrükleri, emel eden çamany,
haýsy birin ýatda saklajak, alla,
biri diýýär nakyl bilen, gysgaçjyk,
beýlekisi ýazýar ullakan dessan,
manysy şu – bil, unutma hiç haçan,
dostsurany, ýakynsyran ýakyny,
emma dost däl, ýakynyň däl hiç haçan,
hem ýatlary, ýakyn saňa müň esse,
olar elin berer entän günüňde,
ýa ýekeje, melhem sözüni aýdar,
nireden öwsenin bilmersiň ýeliň,
soň çekiler, durmaz olar atalap,
ýatlatmazlar ýagşylygy minnetli,
ýa ýerine bir zat aljak bolmazlar,
jaň etmezler: ýadyňdamy, kyn pursat,
ejeň ýogalanda jaň etdim saňa,
şeýle bolýar adam hudaýy ursa.