Olar we sen
Olaryň içinde biri, ýarymy,
puly bolsa, belki, kitabyň alar,
pulun töläp, zyýanyňa çykarsaň,
ýa-da ýadygärlik ýazgysyn ýazyp,
sowgat berseň okar biri-ýarymy,
goşgularyň iň bolmanda birisin,
elinden gaçýança diwanda uklap,
ýa okamaz, mesele däl bu asla,
çünki bilýäň, okamadyk saňa çen,
senden soňam almaz eline kitap,
ýöne käsi zeýrenende ol eýle,
ýa bu beýle diýip, düşýär ýadyňa,
sen bireýýäm geçip gaýtdyň o ýerden,
bilýäň näme üçin çörek bolmaýar,
ýa süýdi ýok sygyrlaryň ýeterlik,
näme üçin garyp düşdi adamlar,
näme üçin eýesi däl ýurdunyň,
myhmany däl, goly bagly ýesiri,
näme üçin mydam maňlaýda dyrmyk,
seniň edip biljek, başarjak zadyň,
galamyň gaçýança ýazmak, duýdurmak,
eger olar işin bilse bilmezlik,
okamazlyk, mugt berseň-de almazlyk,
ýa-da alsa zyňmak el tersi bilen,
seniň işiň ýol gözleşmek bolmaýar,
ýa oturmak, dert aýdyşmak däl asla
azaşanyň hersi bilen.