Noam Çomskiniň äheňinde
Hiç kim seniň beýniň açyp,
çyny guýmaz goşawuçlap,
ýalanlaryn silkip, kakyp,
gep-gybaty daşa döküp,
al, akyl et, hakykaty,
gerek zat bu saňa diýip,
getirmezler ony saňa,
bu seniň öz gözlemeli,
tapynmaly baýlygyň bor,
eger birden iki-ýeke,
getirse-de dolap daşyn,
gapy-gapy aýlap, berip,
iki şaýa ýa mugtuna,
ýalbarsa-da elin serip,
ýok, gerek däl diýip yza
itersiň sen ony günde,
ýa-da alsaň, goňşymda bar,
çagalarym kemsinmesin,
geýerin-dä diýip işe,
köneldersiň sandygyňda,
huşuňa däl, girmän düýşe.