Wladimir Efroimsonyň äheňinde

Men bir garry adam, gojalan gowy,
iki gezek ýüregimden tutdy öň,
bilmeýärin çydap bormy üçünjä,
ýigrimi ýyl türmelerde, sürgündee,
öň hatarda bolup, geldim uruşdan,
belki-de ölerin ertir, birigün,
ýöne meniň aýtjaklarym, gümanym,
hiç kim size aýdyp bilmez hiç haçan,
bilmedim men, içiňizde, şu jaýda,
iki ýa üç adam bardyr, ýa ýokdur,
KGB-niň gara ganly diwary,
wagşylygy bilen ölüp-dirilen,
iň gowulaň geçen ýeri millionlap,
geçýän ýeri, geçjek ýeri ýene-de,
dänjek ýeri imanyndan, ynamdan,
ýok, bu gorky toslama däl, hyýal däl,
aýagymyz alan, elimiz alan,
ysmaz eden beýnimizi, huşumyz,
düşüniň siz, ol hakyky, bakyýet,
eger ýurdy dolandyrsa ogrular,
hem goralsa gije-gündiz syýasy,
dişine çen ýaraglanan güýç bilen,
hakykaty aýdan zyňylsa türmä,
mertebesin goran döwülse üýşüp,
bu gorkynyň jogapkäri, asysy,
bir, iki däl, ýeke-ýeke, atma-at
aýdylmasa, diýilmese aç-açan,
diýip diýer alla kowalan, gaçan,
siz rahat ýatmarsyňyz bir gije,
ýeke gije, gaýgy etmän çagaňyz,
itiň güni bilen ölen türmede,
sowukda, açlykda galan gerçekler,
ärler üçin, diş-dyrnakdan aýrylan,
eneler, aýallar, gelinler üçin,
daýhan üçin, işçi üçin ýüz müňläp,
dogry hasap soralmasa, KGB
dowam etse ýene ganly ýoluny,
ýeke gyly gaçman gara başyndan,
gara bassa ili, görse daşyndan,
il başyna, ýurt başyna hakyky,
her sözüne jogap berýän gelmese,
gullar ýurdy bolup galar ýurdumyz,
näçe boluň, bolmaň ýalandan hajy,
ezilenler, eziljekler ülkesi,
nusga borus dünýä ajydan-ajy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024