Bagtly halk
Seni başga birlerine
arzan çörek satmak üçin
ýesir alsa hökümetiň,
gepletmese, diýdirmese,
eger-eger, öz pikiriň,
mejbur etse, ýeri berýän,
suwy berýän diýip, bermän,
tohum berýän, berýän dökün,
traktoryň, kombaýnlar
taýyn bolar haçan diýseň,
bagtly borsuň özüň mydam
çagalaryň gülüp-oýnar,
ýeter eliň uzan ýerne,
ýene diýse köp zat, derläp,
bagtly borsuň, dogry, örän,
bagtly boldum diýseň ýöräp,
öň hatardan dabarada,
saňa näme aýdyp bolar,
bagtly bolsaň habarlarda,
ýaşa, daýhan, ýaşa işçi,
nebit çykar, gaz gazyp al,
gowaça ek, ýa depderçä,
öz işiň bu, saz ýazyp al!