Nep we sep

Saňa şyltak atýan ýöne,
göge garap şyltak atmaz,
saňa pitjiň atýan ýöne,
keýpi tutup pitjiň atmaz,
nepi bardyr, sepi bardyr,
mejlishalar meýlisinde,
atasy bar bolup biler,
ak sakgally sürüsinde,
enesi bar bolup biler,
ak gyňaçly üýşmeleňde,
un sepilýän uçarlara,
awtobusa, traktora,
agasy bar, uýasy bar
bolup biler diýýän “urra”
watançylar arasynda,
saňa töhmet atýan ýöne,
keýpi tutup atmaz ony,
inkär edip ilki özün,
inkär edip soňra Güni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024