Garga we adam
Garga gargaň gözün çokmaz,
sözün çokmaz haýsy haçan
o diýdiň, bu diýdiň diýip,
başga many gözläp, gaçan,
uran eder biri-birin,
başga bir zat tapar ýa-da,
adam eder bu işleri,
diýde goýaý: aý, bolýa-da...
Ýöne bolýa bolmaýar bu,
iki, üçe bölýär ili,
dörde bölýär, bäşe bölýär,
bölýär ona, soň seretseň
iki adam birleşmeýär,
dogan bolsun, bolsun uýa,
daşlaşýarlar günbe-günden,
ol pylanmyş, bu pismidan,
ýer gözleýäň gaçmak üçin,
keýpine däl, gaty ýadan
gara başyň tutup, alla,
diýýäň menmi, ilmi nadan?