Men obadan geldim

Men obadan geldim on ýedi ýaşap,
gönümeldim, ýürekdäki dilimde,
ejem janyň terbiýesi, belki-de,
ýa günäkär Bäşim mollum, KGB
kowdy ony mekdebinden obanyň,
46 ýyl işlän, ogly sebäpli,
ýada düşse, şindem gaýnaýar ganym.

Men obadan geldim okamak üçin,
şäher ýylgyryşyn soňra öwrendim,
soň öwrendim haçan, nädip dymmaly,
haçan haýsy sözi aýtmaly, ýalan,
ýöne çyna meňzeş, isleýän üçin,
aňrybaş çyn, beter gowy, owadan,
ýöne men obany, dogulan ýerim,
näçe ýaşasam-da şäherde soňra,
uçsam-da asmana ganatym gerip,
çykaryp bilmedim içimden sogrup,
bilýärin ol galar mydam şo ýerde,
meni mende günde gaýtadan dogrup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024