Başga adam

Deň-duşuňa, il-günüňe goşulmak,
garylyp ýaşamak gowy zat, belki,
toýa-ýasa ýarap, illeriň biri,
döwüp-ýenjip, öz-özüňi igeläp,
näme diýer illler diýip, gürlemän,
ýa gürleseň, ýalan-ýaşryk, ýasama
ýylgyryşy perde edinip ykjam,
göýä soňsuz pandemiýa mysaly,
ýöne özüň bolmak gowurak ondan,
hatarly-da bolsa çen-çakdan käte,
alynsa-da elden eken ekiniň,
bagly howlyň, näme etmez hökümet,
öldürer, ýok eder başarsa bir gün,
tama etme geler, ýetişer diýip,
nämelere gözün ýummaz milletiň,
öz başyna gelmejek dek ertesi,
dogry, ýürek gerek bilýäniň bilýän,
düşünýäniň düşünýärin diýmäge,
ýesir alnan daýhanlardan talanan
ak çöregi arzan alyp iýmäge,
gaýrat gerek ýok, bolmaýar diýmäge,
bilmeli sen kim boljagyň ahyry,
düýnki oglan, okan ýagty mekdpde,
bu gün görseň ak sakgally ýaşuly,
guluň guly bolup galjakmy mydam,
gutlap ýylda alynmadyk hasyly,
ýa boljakmy biraz başgarak adam?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024