Syýasy ýalňyş

Kanunlaşan ogry bolsaň,
ýa parahor, agramy bar,
sözi geçýän, iş düzedýän,
eli gelen haramlykdan,
gorkmalydyr öýderdik biz
hökümetden bukup, ýatyp,
emma boldy tersine bu,
işiň etseň, düzüw bolsaň,
çekinmeli eken gaty,
ogurlan dek goňşyň atyn,
üstesine il-ulusam
halamaýar dogry sözli,
kejir bolsaň, düzelmejek,
nepin bilmez tentek diýip,
näme görýäň entek diýip,
garalajak bolýan gülüp,
ýaralajak bolýan bilip,
yzy gelmez nobat eken,
söýülen zat gybat eken,
kezzap bolsaň suwy bulap,
balyk tutýan urup, aglap,
ýa-da işiň bolsa ýalan,
sylar eken iliň-günüň,
ýok dek käte ýagty söýýän,
köpelýän dek ýary tümüň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024