Hudaý nätsin?

Hudaýy çagyrýan näçe ene bar,
näçe ata bar,
näçe çaga, näçe naçar jahanda,
şeýle bir ýürekden çagyrýar haky,
ertir tursa, agşam ýatsa, ýalbarýar,
diýýär bary: “Goraweri, jan alla!”
Ýöne allaň bolşy urýan dek aldap,
umyt berip uly-kiçiň kalbyna,
belki-de ol beren däldir hiç bir zat,
biz, özümiz tapandyrys bu gepi,
aýyplan dek ejemizi, kakamyz,
aç ölmesek kaýyl bolan gydyrdap,
okatmandyr diýip gowy mekdepde,
günäni başgadan gözlemek aňsat,
bu boluşda, adam adam bolmasa,
ogry bolsa, hudaý nätsin, dat-bidat!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024