Seniň ýüküň

Sen öz ýüküň özüňe al,
azar berme ile-güne,
öz ýükünden basylan öň,
agyr bolsun, bolsun ýeňil,
çagyrma hiç doganyňy,
dostlaryňy, döwlet bilen
dawaň bolsa, borsuň ýeke,
köpçülikden etme öýke,
eger bolsa haly, maly,
boljakmy il munuň ýaly?

Tans etseler seret daşdan,
açlygyndan böküp-böküp,
her kim eker öz ekinin,
bolsa, gowy dökün döküp,
okar, açar gözün dünýä,
ýa-da ýumar, ýagty ýiti,
gamaşdyrsa garagyny,
ýeňen ýokdur söweş wagty,
ýere taşlap ýaragyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024