Bilinýän zatlar

Niýetiňi biler iller,
biler iller ýüregiňi,
ne ýüzüňe aldanar ol,
ne gözüňe aldanar ol,
ne aldanar sözleriňe,
arasynda açýan seni,
pikiriňi, päliň ýaman,
gowy bolsa, dannamaýan,
ýöne ilem seniň ýaly,
gowy ýa-da erbet bolar,
ýa-da bolar garym-gatym,
hemem biler gowy bolsaň,
ýol bermezler köplük bolup,
erbet bolsaň, gorkar biraz,
dileg eder, gitsin ölüp,
niýetiňi biler iller,
biler iller özüni-de,
hem näme üçin batdy saly,
düýbi deşik, suw syzyp dur,
ýapsa-da kän kilim, haly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024