Gowy söwda
Döwüm nana satylýarlar adamlar,
satýarlar özlerin mugtuna hatda,
diňe söze, gep-gürrüňe aňalyp,
ýa dymýarlar gürlemeli mahaly,
oýnan bolup hökümeti, bir-birin,
goý, başgalar göreşsinler, umydy,
ýöne mydam oýnalýarlar özleri,
utulýarlar uruş bolsa, parahat
ýaşasalar il ýüzüne bagtyýar,
saçak mydam aladasy, gaýgysy,
döwlet äri gülýär keýpi-sapada,
guduraýar tans etdirip millete,
güman eden urulmaly, ölmeli,
ýöne ölmän galan gutulsa birden,
barmagyny çommaldýar-da ýaşuly,
diýýär: Hanha, ýurdun satdy, bihaýa,
birsellem ýat bolýar saçak gaýgysy,
giden ýaly açlyk suw kibi akyp,
döwüm nana satylanlar ýurdunda,
haýyn görýär gaçyp çykana bakyp.