Milli sowgat

Eger birin garalajak bolsaňyz,
ýa agyrrak ýaralajak bolsaňyz,
ýoluňyzda duran ýaly görünse,
gaty çyndan pikir etmäň, oýlanmaň,
iň arzanyn tapyp aýyplamanyň,
zyňyň ýa-da çar tarapa sowuryň,
sebäbi kän arzan adam dünýede,
ýa jübüsi tämiz çenden-çakyňdan,
alarlar hem götererler arzany,
ýetirerler ol ujuna dünýäniň,
sowgat berip Täze ýylda ýakyna,
hatda hudaý görüp, ýylgrar muny,
murtun sypap, haýran galar adama,
eger birin ýaralajak bolsaňyz,
ýa haparak garalajak bolsaňyz,
pikir edip, gaýgy edip ýadamaň,
gymmadyn däl, nirede bir arzanyn,
mugtun tapyň şyltaklaryň, gybatyň,
adamyň däl, atynyň däl söýgüli,
alar olar allaň itiniň janyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024