Çykalgasyzlyk
Öz-özüni arzanladýan adamlar,
göwnüme bolmasa, köpelýän ýaly,
belki, geçmän, hiç hyrydar tapylman,
ýa-da olar pikir edýär, görmezler,
işiň etseň, oňa, muňa topulman,
göwnüme bolmasa, ownuk adamlar,
iri boljak bolýar bat berip sese,
beýik bolmaz näçe daş goý astynda,
ýa galmagal peýda etmez hiç pese.
Arzan adam kändir ýeriň üstünde,
astynda-da kändir üşerlip ýatan,
näme arzan gep bar diýip jahanda,
ilki adam gürlemegi öwrener,
soň püçege çykmak üçin dahanda.