Ynanaryn, gynanaryn
O dowletiň, hökümetiň
sanlaryna ynanmaryn,
näme diýse, ýazsa näme,
100,18, 100,19,
özüş baryn aýdyp, ýanjap,
ýa görkezse surat, gowy,
gyrmyz geýnen gözelleri,
ak gyňaçly eneleri,
gojalary, sakgaly ak,
jinnek ýaly namysy ýok,
ýöne, walla, ynanaryn,
100,20 özüş bolsa,
hassalykda, dertlilikde,
bir sag adam galman ýurtda,
hatda indi dogjaklary
näsag bolsa, bolsa kemli,
ynanaryn, ynanaryn,
alajym ýok, gynanaryn.