Harytsyz dükan

Seni yza çeker dostlaryň käte,
deňi-duşuň, bile okan, ulalan,
çilim çekjek, arak içjek, meň çekjek,
soň eýleki, beýlekiller, azajyk,
soňundan köp gapan gurup gapjajak,
ýok, goýaly diýseň, halamaz olar,
bu ýol diýseň, belki, bize geregi,
okamaly kitaplar bar entejik,
güler olar, göýä sen bir tentejik,
akyllydyr bary çenden-çakyňdan,
käbirisi çalyp tutar ýakaňdan,
soň görersiň goç ýigidi her hili,
ýaşulyny, öz çäginde çökerjek,
kökerjek öz kelte akyly bilen,
gaýtalar hem ýykar nakyly bilen,
haýsy-haçan kimden, nämeden gelen,
sen kän ýüpi, arkanlary görünmez,
gitjek bolsaň, gyryp-gyryp gitmeli,
ýa galmaly kim-kimleriň alynda,
bary, bereketi göýdüklik bolan,
gybat bolan gymmatlygy bireýýäm,
seni yza çeker, çekdirseň galak,
jähenneme giden gitmezmiş ýeke,
öňe çeker öňe giden azajyk,
çünki onuň wagty ýokdur her tekä,
ýa-da bolmaz bar bolsa-da beýle kän,
eger başga wagty bolsa hasapsyz,
bolup biler her kes harytsyz dükan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024